Nikaragua Mejlisi Eýran we Palestina bilen berk raýdaşlygy yglan etdi
(last modified Sun, 13 Jul 2025 09:37:59 GMT )
Jul 13, 2025 14:37 Asia/Ashgabat
  • Nikaragua Mejlisi Eýran we Palestina bilen berk raýdaşlygy yglan etdi

Nikaragua Mejlisi, Sionist režimiň jenaýatlaryna garşy Eýran we Palestina bilen berk raýdaşlygyny yglan etdi.

Pars Today -iň ISNA salgylanyp beren habaryna görä, Nikaragua Milli Assambleýasynyň agzalary soňky döwürde Eýran Yslam Respublikasynyň territorial bitewiligine garşy bikanun hüjümleri we 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gaza zolagynda 57,000-den gowrak adamy öldüren sionist  režimiň gazaply hereketlerini ýazgardylar.

Nikaragua mejlisiniň agzalary, Sionist režimiň agressiýasyna garşy durmakda Eýranyň goranyş ukybyna we Eýran halky bilen giň halkara goldawyna we raýdaşlygyna ýokary baha berdiler.

Şeýle hem, olar diňe bir Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny kesmän, eýsem genosid aýyplamalary we uruş jenaýatlary bilen baglanyşykly bu režime garşy halkara kazyýet işine işjeň gatnaşýan Nikaragua hökümetiniň tutanýerliligini nygtadylar.