Ruhani: Dünýä Eýranda geçiriljek saýlawlara üns berip durandyr
(last modified Wed, 19 May 2021 09:11:50 GMT )
May 19, 2021 14:11 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Dünýä Eýranda geçiriljek saýlawlara üns berip durandyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: dünýäniň ünsi Eýranda geçiriljek saýlawlara dikilendir diýdi.

IRNA-nyň syýasy habarçysynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni geçirilen ministrler kabinetiniň ýygnagynda Eýranda geçiriljek prezident saýlawlarynyň hemmeler üçin halkara we global gyzyklanma döredjekdigini aýtmak bilen saýlaw gutusy Eýran Respublikasynyň buýsançlaryndan biridir we Eýranyň Respublikanlygy saýlaw gutusynyň başyndea huzurly bolmagyň kölegesindedir diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti çykyşynyň başga bir bölüminde sionist režimiň Palestina bigünä halkyna garşy eden zalymlykly hereketlerini ýazgarmak bilen Yslam ýurtlaryny palestina halkyny sionist režimiň gazaply çozuşyndan halas etmek üçin ähli tagallalary etmäge çagyrdy.

Prezident Ruhani Birleşen Milletler Guramasynyň we Arap Bileleşiginiň Palestina meselesindäki hereketlerini tankytlap: Palestina halkyny goramak ähli yslam ýurtlarynyň borjy we ýeňşiň palestinalylar üçin boljakdygyna şek ýokdyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, şeýle hem Eýranyň nebit däl eksportynyň 40 milliard dollar, importyň bolsa 42 milliard dollar bolandygyny aýtmak bilen Amerikanyň  ýeňilmegine sebäp bolan faktorlaryň biri, sanksiýalar döwründe önümçiligiň dowam etdirilmegi we geçen ýyl (1399-njy ýyl) Eýranda önümçiligiň badalga almagydyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, ýadro ylalaşygynyň bilelikdäki komissiýasynyň Wenadaky gepleşiklerine salgylanyp: Wena gepleşikleriniň soňunyň Eýran halkynyň ýeňşi boljakdygyna halka söz berýärin diýip nygtady.

Tags