Ruhani: Ýurduň ösüş ýoly dowam eder
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti ýurduň ösüş ýolunyň dowam etjekdigini aýtdy.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani penşenbe güni tutuş ýurt boýunça Medeniýet mirasy, syýahatçylyk we senetçilik ministrliginiň milli taslamalarynyň açylyş dabarasynda beren gürrüňlerinde Indiki döwlet hem her hepde milli taslamalary açmak maksatnamasyny dowam etdirip biler we ýurduň ösüş ýoly dowam etmelidir diýdi.
Prezident Ruhani sözüniň dowamynda bu döwletde edilen tagallalar we kanuny çäreler bilen köp ýyllaryň dowamynda beýleki ýurtlarda bolan 2723 Eýranyň taryhy ýadygärligi yzyna gaýtaryldy diýip beýan etdi.
Eýranyň prezidenti şeýle-de syýahatçylygyň ýurduň ykdysadyýetindäki ähmiýetine yşarat edip syýahatçylyk we medeni miras, baýlygy we iş üpjünçiligini döredýän we dünýä Eýran we yslam aýratynlyklaryny görkezýän gymmatly we baýlyk döredýän çeşmelerdir diýdi.
Prezident Ruhani çykyşynyň başynda Hordad aýyny ýurduň taryhynda epik döredýän aý diýip atlandyrmak bilen şeýle diýdi: Şu ýylyň Hordad aýynyň hem Eýran halky üçin gowy we hoş habary getirer diýip umyt edýäris.