Ruhani: Ykdysadyýeti güýçlendirmek maksatnamasy hemmetaraplaýyn zerurlykdyr
(last modified Tue, 08 Jun 2021 11:32:23 GMT )
Jun 08, 2021 16:32 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Ykdysadyýeti güýçlendirmek maksatnamasy hemmetaraplaýyn zerurlykdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti ykdysadyýeti akyllaşdyrmak maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn zerurlygydygyny aýtdy.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti "Hasan Ruhani" şu gün, sişenbe güni döwletiň ykdysady utgaşdyryş merkeziniň 231-nji ýygnagynda beren gürrüňlerinde häzirki wagtda ykdysadyýeti akyllaşdyrmak maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn zerurlygydygyny aýtmak bilen bu meseläniň kanuny we tehniki talaplaryna ýiti we ünsli çemeleşmelidiris diýip aýtdy.

Ruhani sözüniň dowamynda bu ugurda dinamiki strategiýany we ýurduň makro ykdysadyýetindäki ornuny düzmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy.

Ruhani şeýle-de, bu ugurda halkyň habardarlygynyň möhümdigini we walýuta kodlarynyň alyş-çalyş pudagyndaky möhüm howplara yşarart edip, bu pudaga hünärsiz girmegiň öňüni almalydygyny aýtmak bilen walýuta kodlarynyň işini kanunlaşdyrmak we bu ugurdaky adamlaryň maýasyny goramak üçin mümkin boldugyça gysga wagtda çözgüt hakda pikirlenmelidir diýdi.

Eýranyň prezidenti sözleriniň ahyrynda harytlaryň, esasanam halkyň zerur zatlarynyň bahasynyň ýokarlanmagy asla kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy we Eýranyň Senagat, Magdan we söwda ministrligi bahalara çynlakaý gözegçilik etmeli we olaryň ýokarlanmagynyň öňüni almalydyr diýip beýan etdi.

Tags