Jun 18, 2021 13:09 Asia/Ashgabat
  • Ruhani saýlawa gatnaşyp ses berdi

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, on üçünji prezident saýlawyna gatnaşdy.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün irden (anna) Içeri işler ministrliginde ýerleşýän saýlaw sandygynyň başynda huzurly bolup öz garaýyşyndan gowy görýän prezidentlige dalaşgäri, Şäher we oba yslam geňeşleri, Yslam şura mejisi we ýolbaşçylygyň hobralar boýunça kandidatlaryna ses berdiler.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, saýlawlara gatnaşan we ses bereninden soň Içeri işler ministrliginiň saýlaw merkeziniň dürli bölümlerine baryp gördi.

Eýranyň Içeri işler ministrliginiň saýlaw ştapynyň yglan etmegine görä, bu saýlaw döwründe 59 million 310 müňden gowrak adam, şol sanda 29 million 980 müň 38 erkek we 29 million 330 müň 269 aýal ses bermäge hukugy bar.

13-nji döwür prezident saýlawy, şäher we oba Yslam geňeşleriniň 6-njy saýlawy, ýolbaşçylygyň hobralar mejlisiniň 5-nji möhletiniň döwürara saýlawy we Yslam şura mejlisiniň 11-nji möhletiniň döwürara saýlawy şu gün anna güni ir sagat 7-de başlandy.

Tags