Rewolýusiýanyň ýokary ýolbaşçysynyň , geçirilen saýlawlar barada aýdanlary
Rewolýusiýanyň ýokary ýolbaşçysy ,Eýranda ,28-nji hordadda geçirilen saýlawlarda halkyň ýaýbaň gatnaşmagyndan minnetdarlik etdiler.
Rewolýusiýanyň ýokary ýolbaşçysynyň , 28-nji hordadda geçirilen saýlawlarda Eýran halkynyň epiki we tolgundyryjy gatnaşmagy üçin minnetdarlyk bildirdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi 28-nji hordadda geçirilen şanly saýlawlar mynasybetli eden ýüzlenmesinde, bu saýlawlarda eýran halkynyň epiki we ýaýbaň gatnaşmagyny öwdiler.
Ol Hezretleri öz sargydynda "durmuşdaky kynçylyklaryň nägilelikleri, ýa-da halky ruhdan düşürmek üçin dürli sebäpler, ýa-da ses berişligiň başynda giň ýaýran korona kesel howpy we käbir bidüzgünçilikler ýaly faktorlar milletiň kararyny ýeňip bilmedi diýdiler."
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri:düýnki saýlawlarda, duşmanyň hakyna tutma köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wagyz edilmegi we jenaýatçylaryň we hilegärleriň tagallalryna garşy çykyp ýurduň syýasy arenasyna ýene bir gezek ýeňişe ýeten Eýran halkydyr diýdiler.
Eýranyň Prezidentiniň 13-nji möhleti, şäher we oba Yslam Geňeşleriniň 6-njy möhleti, Yslam Maslahat Assambleýasynyň 11-nji ara döwür we Liderlik Bilermenler Assambleýasynyň 5-nji ara döwür saýlawlary 28-njy hordadda geçirildi .
Juma güni geçirilen saýlawlar, ähli çaklamalara we ruhdan düşüriuji hereketlere garamazdan, korona wirusynyň tutuş ýurt boýunça ýaýramagynyň öňüni almak üçin arassaçylyk amallaryna doly laýyklykda tertipli we ygtybarly geçirildi.
Eýran halky möhüm we duýgur taryhy pursatlarda elmydama aňly we jogapkärli bolandygyny birnäçe gezek görkezdi. 28-nji hordadda geçirilen aýgytly saýlawlar bu epiki wakanyň başga bir sahnasy boldy. Bu gatnaşmagyň netijesi, demokratik ulgamyň dowamy we halkyň ýurduň ykbalyny kesgitlemek we şol bir wagtyň özünde ýurtdaky syýasy jebisligi we milli we dini jebisligi güýçlendirmek baradaky ses berişligi boldy.