Ermenistanda wagtyndan ozal parlament saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi gutlandy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12146-ermenistanda_wagtyndan_ozal_parlament_saýlawlarynyň_üstünlikli_geçirilmegi_gutlandy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ermenistan Respublikasynda wagtyndan ozal parlament saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegini bu ýurduň halkyna we saýlanan wekillere gutlady.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jun 22, 2021 17:24 Asia/Ashgabat
  • Ermenistanda wagtyndan ozal parlament saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi gutlandy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ermenistan Respublikasynda wagtyndan ozal parlament saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegini bu ýurduň halkyna we saýlanan wekillere gutlady.

Sişenbe güni Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh Ermenistan Respublikasynda wagtyndan ozal parlament saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegini gutlap, goňşy ýurtlaryň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynda ähmiýetini nygtamak bilen Ermenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar hasam ösdüriler we çuňlaşdyrylar diýdi.

Hatibzadeh, şeýle hem, Ermenistanyň ösüşinde, şeýle hem içerki durnuklylygy we sebitde parahatçylygy berkitmekde saýlanan işgärlere üstünlik arzuw etdi.

Ermenistanda wagtyndan ozal parlament saýlawlary "Nikol Paşinýanyň" haýyşy boýunça we Azerbaýjan respublikasy bilen parahatçylyk şertnamasyna gol çekilenden soň dartgynlygy azaltmak maksady bilen geçirildi.