Aragçi: Garşydaş taraplaryň karar bermeli wagty geldi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12218-aragçi_garşydaş_taraplaryň_karar_bermeli_wagty_geldi
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary taraplaryň karar bermegiň wagtynyň gelendigini we garşydaş ýurtlaryň özleriniň berk karar bermelidigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jun 27, 2021 21:23 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Garşydaş taraplaryň karar bermeli wagty geldi

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary taraplaryň karar bermegiň wagtynyň gelendigini we garşydaş ýurtlaryň özleriniň berk karar bermelidigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Seýid Abbas Aragçi şu gün (ýekşenbe) Yslam şura mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň agzalary bilen duşuşygy barada agzap: "Wena gepleşikleriniň soňky ýagdaýy komissiýanyň wekilleri bilen ara alnyp maslahatlaşyldy  " diýdi.

Aragçi sözüniň dowamynda Wena gepleşikleriniň netijeleri barada "Şu wagta çenli P4 + 1 bilen alty tapgyr gepleşik geçirildi we biz soňky tapgyra golaýlaşdyk. ýeterlik derejede gepleşikler geçirildi we soňuna golaýladyk emma häzirem käbir meseleler barada gepleşikler dowam edýär we indi ýurtlaryň tutum tutmaly wagty geldi diýip nygtady.