Zanganeh: OPEC Plus karary Eýranyň eksporty artdyrmak islegine täsir etmeýär
Jul 03, 2021 12:38 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri "OPEC Plus" kararynyň Eýranyň eksporty artdyrmak islegine täsir etmeýändigini aýtdy.
IRNA-nyň habaryna görä, "Bižan Namdar Zanganeh" şeýle-de Haçan-da sanksiýalar ýatyrylanda, gysga wagtda bazara gaýdyp geleris diýip sözüne goşdy.
Zanganeh, OPEC Plus 18-nji ýygnagy gutarandan soň eden çykyşynda, ýygnakda Eýranyň nebit bazaryna gaýdyp gelişiniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdyp Duşuşygyň uzaldylmagynyň sebäbi käbir agzalaryň nebit paýlary baradaky parhly garaýyşlarydyr diýdi.
Tags