Pezeşkian: Eýranyň nebitini boýkot etmek bilen ýurt üçin kynçylyk döredip bilmezler
(last modified Thu, 13 Mar 2025 12:45:34 GMT )
Mar 13, 2025 17:45 Asia/Ashgabat
  • Pezeşkian: Eýranyň nebitini boýkot etmek bilen ýurt üçin kynçylyk döredip bilmezler

Eýranyň prezidenti içerki mümkinçiliklere we ukyplara bil baglamak bilen duşmanlar Eýran Yslam Respublikasy üçin nebit embargosyny girizip problema döredip bilmezler diýdi.

Pars Today -iň habaryna görä, penşenbe güni Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian Tähran welaýatynyň günorta-gündogaryndaky suratkeşler we senetçilik aktiwistleri bilen duşuşanda  duşmanlaryň Eýran halkyna garşy dildüwşükleriniň hiç ýere alyp barmajakdygyny belläp, maddy baýlygyna bagly islendik millet bir gün ýok bolar şonuň üçin adam baýlygyna, öndürijilere, suratkeşlere, telekeçilere we alymlara üns berilmelidir diýip nygtadylar.

Pezeşkian ýurduň alymlarynyň, hünärmenleriniň, suratkeşleriniň we önüm öndürijileriniň mümkinçiliklerine ünsi çekip, hökümetiň bu hünärmenlere şertsiz goldaw bermelidigini we bu topar üçin iş pursatlaryny döretmelidigini aýtmak bilen aramyzda täze pikirler döredip, täze zatlar edip biljek adamlar bardyr, ýöne ilki bilen bu ynam bizde kemala gelmelidir diýdi.

Eýranyň prezidenti, adamyň innowasiýa ukybyny ýatlap, häzirki ýagdaýy ýeňip geçmek üçin täze duýgudaşlyk we goldaw gerek we täze şertleri düzmek bilen mertebe we buýsanç bilen bilelikde ýaşap bileris diýdi.

Eýranyň prezidenti Masud Pezzekian şu gün Tähran welaýatynyň şäherlerine eden saparynyň dördünji tapgyrynda Karçak, Pakdaşt, Waramin we Pişwa şäherlerine sapar etdi.