Bagaýi: Amerika Ysraýylyň Gazadaky genosidini tankytlaýanlary sanksiýalar bilen dymdyrýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27022
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Esmail Bakaýi Ýewropa Bileleşiginiň Ysraýylyň jenaýatlaryna garşy hereketsizligini tankytlaýan beýanynda bu, ABŞ-nyň Palestina boýunça ýörite hasabatçynyň Gazadaky we Günbatar Şeriýadaky genosidi we dowam edýän wagşyçylykly jenaýatlaryny tankytlamak üçin girizen sanksiýalaryna laýyk gelýär diýdi.
(last modified 2025-07-17T08:18:44+00:00 )
Jul 17, 2025 13:18 Asia/Ashgabat
  • Bagaýi: Amerika Ysraýylyň Gazadaky genosidini tankytlaýanlary sanksiýalar bilen dymdyrýar

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Esmail Bakaýi Ýewropa Bileleşiginiň Ysraýylyň jenaýatlaryna garşy hereketsizligini tankytlaýan beýanynda bu, ABŞ-nyň Palestina boýunça ýörite hasabatçynyň Gazadaky we Günbatar Şeriýadaky genosidi we dowam edýän wagşyçylykly jenaýatlaryny tankytlamak üçin girizen sanksiýalaryna laýyk gelýär diýdi.

Pars Today habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Esmail Bagaýi, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň öňki işgäri Josep Borrelliň X ulgamynda ýazan habaryna salgylanyp bu, ABŞ-nyň Palestina boýunça ýörite hasabatçysy Françeska Albaneseiň Ysraýylyň dowam edýän genosidini we jenaýatlaryny  tankytlamak üçin girizen sanksiýalaryna laýyk gelýär diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň öňki daşary syýasat işgäri öz habarynda şeýle ýazdy: "Ýewropa Geňeşi düýn Ysraýylyň hyzmatdaşlyk şertnamasyndaky adam hukuklary düzgünini bozmagy barada karara gelip bilmedi. Ýöne munuň özide karardyr, Ýewropa Ysraýylyň dowam edýän uruş jenaýatlaryny jezalandyrmazlyk kararyna gelýär we Gazadaky genosidiň yzygiderli dowam etmegine ýol açýar. "

ABŞ-nyň sanksiýalary astyndaky BMG-nyň basyp alnan Palestina sebitleri boýunça ýörite hasabatçysy Françeska Albanese sişenbe güni Ýewropa Bileleşigini Ysraýyl režimi bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny togtatmaga çagyrdy.