Bagaýi: Hakykaty sanksiýalar bilen basyp bolmaz
(last modified Fri, 11 Jul 2025 11:18:02 GMT )
Jul 11, 2025 16:18 Asia/Ashgabat
  • Bagaýi: Hakykaty sanksiýalar bilen basyp bolmaz

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bagaýi ABŞ-nyň Palestindäki adam hukuklary boýunça ýörite hasabatçysy Françeska Albanese garşy girizen sanksiýalaryna jogap edip, oňa goldaw berýändigini mälim etmek bilen, basyp alnan Palestinde Albanese, hakykaty aýdandygy we genoside, basybalyjylyga we aparteide garşy durandygy üçin sanksiýa berilýär we gorkuzylýar, ýöne sanksiýalar bilen hakykaty basyp bolmaz diýdi.

Pars Today habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bagaýi X ulgamynda Palestindäki adam hukuklary boýunça ýörite hasabatçy Françeska Albanese goldaw bermek bilen hakykat sanksiýalar bilen basylyp bilinmez diýip nygtady.

Basylyp alnan Palestindäki adam hukuklarynyň ýagdaýy barada hasabat berýän Albanese, hakykaty aýdandygy we genosid, basyp alyş we aparteidiň garşysynda durandygy üçin sanksiýalara sezewar edilýär we gorkuzylýar diýdi.

Bagaýi şeýle-de, bu sanksiýa bilen bir hatarda Halkara Jenaýat Kazyýeti tarapyndan gözlenýän uruş jenaýatçysy Netanýahunyň Waşingtonda garşy alynýandygyny belläp, açaçan we doly ikiýüzliligi görkezýärsiňiz we dünýä tomaşa edýär diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio, BMG-nyň Palestindäki ýagdaýlar boýunça ýörite hasabatçysy Albaneseiň Ysraýylyň Gazadaky söweşini derňemegi üçin sanksiýa beriljekdigini habar berdi.

Rubio ýerli wagt çarşenbe güni X-Net sahypasynda Waşingtonyň Palestina halkynyň adam hukuklary boýunça ýörite hasabatçysy Françeska Albanese "Halkara Jenaýat Kazyýetini Amerikan we Ysraýyl resmilerine, kompaniýalaryna we ýolbaşçylaryna garşy çäre görmäge mejbur etmek üçin bikanun we utandyryjy tagallalary üçin" sanksiýa berýändigini ýazdy.