Goşunyň baş serkerdesi: Şu günki kuwwatlylyk we abraý şehitleriň gany bilen baglanyşyklydyr
(last modified Sat, 07 Aug 2021 08:52:42 GMT )
Aug 07, 2021 13:52 Asia/Ashgabat
  • Goşunyň baş serkerdesi: Şu günki kuwwatlylyk we abraý şehitleriň gany bilen baglanyşyklydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň baş serkerdesi: Şu günki kuwwatlylyk we buýsanç şehitleriň gany bilen baglanyşyklydyr diýdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň baş serkerdesi Amir general-maýor Seýed Abdolrahim Musawi şu gün, şenbe güni şehitleriň maşgalalarynyň bir topary bilen bolan duşuşygynda şeýle diýdi: Şehitler we weteranlar döreden beýikligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň şu gün basyşlaryň we sanksiýalaryň garşysynda durup bilmegine sebäp bolandyrlar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň baş serkerdesi şeýle-de Yslam Eýranyň abraýyny we kuwwatlylygyny geçmişden düýpgöter tapawutly hasaplap egerde häzirki wagtda ygtyýarymyz, häkimligimiz we abraýymyz bar bolup,asuda ýaşap dünýä bilen güýç bilen gürleşýän bolsak, olaryň hemmesi iň agyr şertlerde bu ýurdy halas eden şeheitleriň gany sebäplidir diýip sözlerine goşdy.

Amir general-maýor Seýid Abdolrahim Musawi sözüni dowam etdirip şeýle diýdi: Goşunyň esasy wezipesi Eýran Yslam Respublikasynyň serhetlerini we garaşsyzlygyny goramakdyr.