Raisi: Arbain dabarasy Yrak hökümetiniň razylygyna tabyn
(last modified Sat, 04 Sep 2021 11:47:55 GMT )
Sep 04, 2021 16:47 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Arbain dabarasy Yrak hökümetiniň razylygyna tabyn

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: "Arbain" dabarasynyň geçirilmeginiň Yrak hökümetiniň razyçylygyna baglydygyny aýtdy.

Eýranyň prezidenti Seýثd Ybraýym Raisi şu gün Korona garşy milli ştabynyň mejlisinde beren gürrüňlerinde "Arbaeen dabarasynyň geçirilmegi Yrak hökümetiniň razyçylygyna tabyn" diýdi.

Eýranyň prezidenti sözüniň dowamynda eger Yrak ýurdy razy bolsa, Saglyk ministrliginiň tassyklamagy bilen Koronanyň iki dozasy bilen sanjym edilenler Arbaine baryp bilerler diýip yglan etdi.

Raisi şeýle-de içerki hünärmenleriň önümçiligini we başarnygyny şübhe astyna aljak bolýan duşmanlaryň zyýanly propagandalaryna garamazdan Içerki sanjymyň import edilýän sanjymyna görä iň az zyýanlydygyny we halka rahatlyk getirip biljekdigini aýtdy.

Raisi Eýranda sanjym etabyny umyt dörediji diýip atlandyrdy we geljek hepdelerde sanjym importynyň we içerki önümçiligiň artmagy barada durup geçip, dürli ýaş toparlarynda sanjymlary çaltlaşdyrmagyň we ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.