Amir Abdullahian: Eýran Owganystany uruş we terrorçylyksyz isleýär
(last modified Wed, 08 Sep 2021 05:31:56 GMT )
Sep 08, 2021 10:31 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Eýran Owganystany uruş we terrorçylyksyz isleýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Owganystanyň öňki prezidenti bilen geçirilen söhbetdeşlikde: Eýran Owganystany söweş we terrorçylyksyz isleýär diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, sişenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullahian Owganystanyň öňki prezidenti Hamid Karzaý bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginde bu ýurtdaky soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdy.

Bu söhbetdeşlikde Eýranyň Daşary işler ministri, Owganystanda bu ýurduň etnik we demografiki düzümini görkezýän bileleşen döwlet gurmak maksady bilen ähli toparlaryň arasyndaky gepleşiklere esaslanýan Eýran Yslam Respublikasynyň prinsipial syýasatyna ünsi çekmek bilen diňe şu ýol bilen Owganystan dowamly parahatçylygy gazanyp biler diýdi.

Ol şeýle-de soňky iki onýyllykda Owganystandaky häzirki bidüzgünçiliklere ABŞ-nyň jogapkärdigini aýtdy.

Amir Abdullahian sözüniň dowamynda şol bir wagtyň özünde, bu ýagdaýyň bes edilmegi owgan halkynyň islegidir diýip beýan etdi.

Owganystanyň öňki prezidenti Hamid Karzaý hem telefon arkaly söhbetdeşlikde: Owgan ýaşululary bu ýagdaýy ýeňip geçmek üçin elinden gelenini edýärler we esasy maksat owgan halkynyň islegini ýerine ýetirmek diýdi.