Oct 01, 2021 11:40 Asia/Ashgabat
  • ŞHG-a agza ýurtlaryň bazary Eýranyň harytlaryny kabul etmäge taýyn

Eýranyň Söwda palatasynyň eksport komissiýasynyň başlygynyň orunbasary,​​Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň bazary Eýranyň harytlaryny kabul etmäge taýýardygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Söwda palatasynyň eksport komissiýasynyň başlygynyň orunbasary "Muhammet Ali Muhammet Mirzaeian": "Eýranyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna resmi agzalygy agza ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny gowulandyrýar we Eýrana öz bazaryny berip biler" -diýdi.

Eýran, ähli agzalaryň razyçylygy bilen 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) dokuzynjy hemişelik agzasy boldy.

Tags