Eýranyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleri hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşýarlar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i13762-eýranyň_we_türkmenistanyň_daşary_işler_ministrleri_hemmetaraplaýyn_hyzmatdaşlygy_giňeltmek_barada_ylalaşýarlar
Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleri Huseýin Amir-Abdullahian we Raşid Meredow telefon arkaly söhbetdeşlikde iki ýurduň başlyklarynyň ýakyn geljekde Tähranda bilelikdäki komissiýanyň geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin hem-de ulag we söwda hyzmatdaşlygyny gözden geçirmek üçin iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň göni jogapkärçiligi barada ylalaşdylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 04, 2021 12:14 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleri hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşýarlar

Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleri Huseýin Amir-Abdullahian we Raşid Meredow telefon arkaly söhbetdeşlikde iki ýurduň başlyklarynyň ýakyn geljekde Tähranda bilelikdäki komissiýanyň geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin hem-de ulag we söwda hyzmatdaşlygyny gözden geçirmek üçin iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň göni jogapkärçiligi barada ylalaşdylar.

IRNA-nyň habaryna görä, ýekşenbe güni agşam, Türkmeniň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. bu söhbetdeşlikde Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky ýagdaýy we Owganystan bilen baglanyşykly wakalar we EKO goramasyna agza ýurtlaryň başlyklaryň sammitiniň geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmeniň Daşary işler ministri ýakynda iki prezidentiň Täjigistanda bolan duşuşygyny gatnaşyklaryň öwrüm nokady diýip atlandyrdy we iki prezidentiň arasynda baglaşylan şertnamalary ýerine ýetirmegiň we durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Amir Abdullahian, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ýyl dönümini ýene-de bir gezek gutlap, 13-nji döwletiň goňşylar baradaky syýasatyna we Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çekip, iki ýurduň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.