Oct 13, 2021 13:22 Asia/Ashgabat
  • General Bagheri Pakistan goşunynyň serkerdesi bilen duşuşdy

Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy Pakistan goşunynyň serkerdesi bilen duşuşdy.

IRNA-nyň habaryna görä çarşenbe güni, Pakistana resmi saparynyň ikinji güni, Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy general-maýor Muhammet Bagheri Pakistan goşunynyň serkerdesi general Gamar Jawid Bajwa bilen duşuşdy.

General-maýor Muhammet Bagheri we general Bajwa Eýran-Päkistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary, goranyş gatnaşyklary we Owganystan ýaly sebitdäki meseleler barada gürrüň etdiler.

iki tarap soňky ýyllarda iki goňşy ýurduň arasyndaky harby, howpsuzlyk we serhet gatnaşyklarynyň ösýän tendensiýasyna ynam bildirip, bu gatnaşyklary ösdürmegi makul bildiler.

Tags