Bageri Kani: Eýran bilen Hytaý ygtybarly hyzmatdaşlar
Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary: Eýran bilen Hytaý ygtybarly hyzmatdaşlardyr diýip nygtady.
Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary Ali Bagheri Kani, şu gün (duşenbe) internet giňişligindäki şahsy sahypasynda Eýrany we Hytaýy ygtybarly hyzmatdaşlar diýip atlandyrdy we şeýle ýazdy: ABŞ-nyň birtaraplaýyn sanksiýalarynyň bikanunlygy we halkara gatnaşyklarynda kanunyň hökmürowanlygynyň ähmiýeti barada iki ýurduň meňzeş pikirleri bardyr.
Bageri kani sözüniň dowamynda Hytaýyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ma Zhao bilen dostlukly we netijeli telefon söhbetdeşliginde Hytaýyň oňyn pozisiýasyna we konstruktiw gatnaşyklaryna ýokary baha berdim diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary; Eýran bilen Hytaý, ynamdar hyzmatdaşlar hökmünde ABŞ-nyň birtaraplaýyn sanksiýalarynyň bikanunlygy we halkara gatnaşyklarynda kanunyň hökmürowanlygynyň ähmiýeti barada bir pikire gulluk edýändigini aýtdy.
Bageri Kani şeýle hem ýazdy: Eýranly şahslara we guramalara we üçünji taraplara garşy sanksiýalaryň ýatyrylmagy we gaýtalanmazlygynyň kepillendirilmegi nygtaldy diýdi.