Hytaý gumanitar krizisi we Gaza halkynyň köpçülikleýin jezasyny ýazgarýar
Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekiliniň orunbasary gumanitar krizisi we Gaza halkynyň köpçülikleýin jezasyny ýazgardy we "harby serişdeleriň çözgüt däldigini" aýtdy.
Pars Today habar gullugynyň habaryna görä, Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekiliniň orunbasary "Geng Şuang" BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Gaza barada geçirilen mejlisinde "bu betbagtçylykdan ejir çekýänleriň" gysga wagtda ondan gutarjakdygyna umyt bildirdi.
Şuang şeýle hem Gazada gyssagly we dowamly ýaraşyk şertnamasynyň durmuşa geçirilmegini möhüm mesele diýip atlandyrdy we ýanwar aýynda gazanylan şertnamanyň doly durmuşa geçirilse, dowamly atyşygyň bes edilmgi we ähli Ysraýyl tussaglarynyň yzyna gaýdyp gelmegine ýol açyp biljekdigini aýtdy.
Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekiliniň orunbasary, Ysraýyl režiminiň Gazadaky şu wagta çenli 60 000-den gowrak adamyň şehit bolan harby hereketini tankytlap, hakykat şudur welin harby serişdeler çözgüt däldir diýdi.
Şuang şeýle hem basyp alyjy Sionist režimiň çäreleri barada alada bildirdi we gumanitar krizisi we Gazanyň halkynyň köpçülikleýin jezasyny ýazgardy.