Şi: Söwda söweşinde ýeňiji ýokdyr
(last modified Mon, 14 Apr 2025 11:16:57 GMT )
Apr 14, 2025 16:16 Asia/Ashgabat
  • Şi: Söwda söweşinde ýeňiji ýokdyr

Hytaýyň prezidenti, ABŞ-nyň täze nyrhlaryna garşy Gündogarda ylalaşyk we front gurmagy maksat edinip, sebitdäki saparynyň ilkinji tapgyrynda şu gün Wýetnamyň paýtagty Hanoýa bardy we söwda urşunda ýeňiji tarap ýokdygyny we proteksionistik syýasatlaryň hiç ýere alyp barmajakdygyny aýtdy.

Pars Today -iň habaryna görä, Hytaýyň prezidenti Şi Jinping sebitleýin sapary wagtynda Wýetnam, Malaýziýa we Kamboja baryp, ABŞ-dan tapawutlylykda durnukly hyzmatdaş hökmünde görünmäge synanyşýar.

Hasabata görä, Hytaýyň prezidenti Pekiniň söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we global söwda hüjümini amala aşyran ABŞ-dan tapawutlylykda ony ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezmekçidir.

Şi Wýetnamyň "Nhân Dân" gazetinde iki ýurt köptaraplaýyn söwda ulgamyny, global senagat we üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny çynlakaý goramalydyr diýip ýazdy.