Larijani:Eýran bilen Pakistan howpsyzlyk hyzmatdaşlyklaryny ösdürýärler
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň mejlis başlyklarynyň ikinji günündäki gepleşikleri şu gün Tehranda geçirilip başlandy.
şu gün Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Tehranda geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlarynyň 13-nji parlamentara konferensiýasynyň ýannda Pakistanyň Sena mejlisiniň başlygy Reza Rabbani bilen geçiren duşuşygynda Eýran bilen Pakistan her bir zamandan köpräk arkadaşlyk etmelidirler we iki ýurdyň gatnaşyklarynyň ösdürilmegi Eýran bilen Pakistanyň dogry ýolda hereket edip duranlygyny mälim etýändir diýdi.
Ali Larijani şeýle-de Eýran bilen Pakistanyň gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugurda henizem böwetler bardyr we bu böwetleri Pakistan aýyrmalydyr diýip sözüne goşdy.
Pakistanyň Sena mejlisiniň başlygy Reza Rabbani hem bu duşuşykda Amerika döwleti sebitdäki şowsyzlyklalary babatly Pakistany basyşda goýýandyr diýdi.
ol şeýle-de Amerikanyň Kudus barada tutan tutumyna Yslamabat garşy çykansaň Waşington döwleti Pakistana berýän harby kömeklerini kesendir diýip sözüne goşdy.
Rabbani şeýle-de Yslamabat döwleti Eýran bilen ykdysady hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek üçin bank kynçylyklaryny çözmek ugurda tagalla edip durandyr diýip yglan etdi.