Zarif:Siriýanyň üstünlikleri Amerikanyň weýran ediji taslamalarynyň güýçlenmegine sebäp bolandyr
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif terrorçylaryň garşysynda özlerinden görkezen çydamlylygy babatly Siriýanyň döwleti we milletine gadyrdanlygyny beýan edip bu üstünlikler Amerika we Sionist režiminiň terrorçylaryň bähbitleri ugurda weýran ediji hereketlerini güýçlendirmeklerine sebäp bolandyr diýdi.
şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Siriýanyň mejlis başlygy Hamude Ýüsüp Sabbag bilen geçiren duşuşygynda Eýran bilen Siriýa bilelikde agyr ýagdaýlary başdan geçirendirler we durmuşda ýiti ýagdaý hem başýokarlyk bilen geçirjekdirler diýip nygtady.
Hamude Ýüsüp Sabbag hem bu duşuşykda Siriýanyň döwletine we milletine berýän goldawlary babatly Eýrana minnetdarlygyny bildirip Tehran döwleti Siriýanyň ýeňişinde, çydamlylygynda,syýasy akymynda we ýaňadan abatlaýyş işlerinde Damaskyň asly ýaranydyr diýip yglan etdi.