Orsýet dünýä bazarynda nebit önümçiliginiň düýpli ýokarlanmagyna garşydyr
(last modified Fri, 05 Nov 2021 11:04:57 GMT )
Nov 05, 2021 16:04 Asia/Ashgabat
  • Orsýet dünýä bazarynda nebit önümçiliginiň düýpli ýokarlanmagyna garşydyr

Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Nowak öz ýurdunyň häzirki wagtda Nebite bolan isleg derejesiniň azalmagy sebäpli dünýä bazarynda nebit önümçiliginiň düýpli ýokarlanmagyna garşydygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Orsýetiň döwletinde nebit we energiýa meselelerine jogapkär Nowak penşenbe güni geçirilen OPEK Plus ministrleriniň ýygnagyndan soň metbugat ýygnagynda Dünýä nebit bazary janlanyp barýar, ýöne OPEK Plus-yň çäginde nebit önümçiliginiň düýpli ýokarlanmagyna ýol bermeýän faktorlar bardyr diýdi.

Ol şeýle-de Orsýetiň şu ýylyň dördünji üç aýynda we 2022-nji ýylyň birinji üç aýynda koronawirus deltasynyň ýaýramagy sebäpli nebite bolan islegiň azalmagyna garaşylýandygyny, EUB-ne agza ýurtlarda nebit önümleriniň sarp edilişiniň azalmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

22-nji mejlisinde, OPEK Plus agzalarynyň önümçiligi azaltmak baradaky şertnamany durmuşa geçirmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar, oňa laýyklykda geljek aý OPEK Plus önümçiligi 400,000 barrele çenli ýokarlanar.