Jalali: Eýran ne gepleşiklerden gaça durdy, ne-de beren wadasyny bozdy
(last modified Sat, 12 Apr 2025 10:20:46 GMT )
Apr 12, 2025 15:20 Asia/Ashgabat
  • Jalali: Eýran ne gepleşiklerden gaça durdy, ne-de beren wadasyny bozdy

Eýran Yslam Respublikasynyň Russiýadaky ilçisi Eýran hemişe gepleşik geçirmegiň tarapdarydyr we biz ne gepleşik stolundan gaçandyrys ne-de borçnamalarymyza ters hereket edendiris diýdi.

Pars Today -iň habaryna görä, Kazem Jalali bu sözleri ana güni Russiýanyň 24 we Russiýa 1 habar kanalynyň alyp baryjysy Wladimir Karewskiý bilen geçirilen söhbetdeşlikde we Omanyň paýtagty Muskat şu gün 12-nji aprelinde geçiriljek Eýran-ABŞ gepleşikleriniň öňüsyrasynda aýtdy.

Ol şeýle-de häzirki wagtda Amerikanyň tarapy bilen ylalaşyga niýetleri bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin gytaklaýyn gepleşikler geçirýäris diýdi.

Eýranyň Moskwadaky ilçisi ABŞ bilen gytaklaýyn gepleşikleriň sebäbi we paýhaslylygy barada Ýolbaşçynyň aýdanlaryna salgylanyp, aslynda düşünmek üçin bir gözýetim bar bolsa, Eýranyň mertebesi goralyp, gyzyl çyzyklarymyz hormatlanýan bolsa, Eýran göni gepleşiklerden gorkmaýar diýdi.