Brujerdi:Ýewropa döwletleri ýadro ylalaşygyny goldamalydyrlar
Eýran mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Alaeddin Brujerdi ýadro ylalaşygyny kämil goldamak ugurda Ýewropa döwletleriniň amalda herekete baş goşmaklaryny isledi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,düýn Aleddin Brujerdi Wenada Eýran bilen Ýewropanyň 7-nji parlamentara maslahatynda eden çykyşynda ýadro ylalaşygyna goldaw bermek baradaky Ýewropa Bileleşiginiň pozisiýasyny garşylap ýadro ylalaşygy we gadaganlyklaryň ýatyrylmagy iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine gowy mümkinçilikleri döredendir emma Ýewropa döwletleriniň pozisiýalary Eýran milletiniň ýadro ylalaşygy baradaky isleglerini üpjün edýän däldir diýip nygtady.
Brujerdi şeýle-de Waşington döwletiniň Ýewropa banklaryna basyş bermegini tankyt edip Amerika döwletiniň bir taraplaýyn hereketi halkara köpçüliginiň tutan tutumyna hormatsyzlyk etmek manysyndadyr diýip sözüne goşdy.