Amir Abdullahýanyň Hytaýyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
(last modified Fri, 17 Dec 2021 11:30:32 GMT )
Dec 17, 2021 16:30 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahýanyň Hytaýyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullahian we Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi penşenbe güni telefon söhbetdeşlikde, ikitaraplaýyn gatnaşyklary, Wenanyň ýadro gepleşiklerini we halkara özgerişleri ara alyp maslahatlaşdylar.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, bu telefon jaňynda Eýranyň Daşary işler ministri Pekiniň Wenada ýadro gepleşiklerinde goldaýan pozisiýasyna minnetdarlyk bildirip, gepleşikleriň gidişini umuman gowy diýip häsiýetlendirdi we şol bir wagtyň özünde Wenadaky günbatar taraplaryň inisiatiwasynyň ýokdugyny tankyt etdi.

Bu söhbetdeşlikde Amir Abdullahian ABŞ-nyň hökümetiniň we käbir günbatar ýurtlarynyň Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň diplomatik embargosyna bolan garaýşyny ýazgardy we ýokary derejeli sport işgärleriniň gatnaşmagynda bu sport çäresiniň gowy we üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirmek bilen Eýran Yslam Respublikasynyň, bu möhüm çärä türgenlerini iberjekdigini yglan etdi.

Eýranyň daşary işler ministri Awstraliýa, ABŞ we Angliýanyň arasynda AUKUS şertnamasy ýaly çäreleri goşa standartlary ulanmak arkaly ýarag ýaýratmazlyk düzgüniniň düýpgöter gowşamagynyň alamaty hökmünde häsiýetlendirdi.

Ol şeýle-de sözüni dowam etdirip  bu çemeleşme, şuňa meňzeş hereketleri döreder diýdi.

Bu söhbetdeşlikde Hytaýyň Daşary işler ministri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary strategiki diýip atlandyrdy we Hytaý hökümetiniň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak niýetini yglan etdi.

Bu söhbetdeşlikde Hytaýyň Daşary işler ministri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary strategiki diýip atlandyrdy we Hytaý hökümetiniň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak niýetini yglan etdi.

Hytaýyň Daşary işler ministri şeýle-de kowid 19 keseline garşy göreşde öz hökümetiniň Eýrana berýän goldawyny nygtady.

Wan Ýi, şeýle hem, Pekiniň gyşky Olimpiýa oýunlary bilen baglanyşykly Günbataryň alyp barýan işlerine tutanýerliligi üçin Eýran Yslam Respublikasyna minnetdarlyk bildirdi we Hytaýyň, oýunlaryň eýesi hökmünde bu çäräni Eýranyň toparlarynyň gatnaşmagynda geçirjekdigine umyt bildirdi.

Tags