Tähranyň juma namazynyň hutbalary
Tähranyň juma namazynyň hatyby: Gepleşikleriň esasy maksady sanksiýalaryň toplumlaýyn ýatyrylmagydyr diýdi.
Tähranyň jumai namazynyň hatyby "Muhammet Jawad Haj Ali Akbari" şu hepde namaz wagyzlarynda şeýle diýdi: Gepleşikleriň esasy maksady sanksiýalaryň bitewi ýatyrylmagy we Ýewropa we Amerika taraplaryň ygrarly bolmagydyr, indi ýadro ylalaşykdaky beýleki taraplar şertnamany bozandyklaryna garamazdan Eýranyň gepleşiklere gatnaşmagyny garşy almalydyrlar diýdi.
Tähranyň jumai namazynyň hatyby sözüniň dowamynda: Eýranyň wekiliýeti, güýç we inisiatiwa bilen meýdana girdi, her çen beýleki tarap Eýranyň içinde dartgynlylyk döretmek we Eýranyň gepleşik toparynyň ünsüni bozmak we bal gazanmak üçin ýoýulmak ugrunda hereket edýär ýöne üstünlik gazanyp bilmez diýip nygtady.
Tähranyň jumai namazynyň hatyby, käbir günbatar resmileriniň Eýrana garşy başdan geçirmeleri barada abanýan howplaryny ýatlatdy we şeýle diýdi: Bu meselede käbir Günbatar ýurtlarynyň pozisiýasy has gülkünçdir we özleriniň hiç hili erbet zat edip bilmejekdiklerini bilýärler diýdi.
Haj Ali Akbari sözüniň ýene bir bölüminde: Eýranly diplomatlaryň diplomatiýa ugrundaky mynasyp ýeňişlerini görmegi isleýäris diýmek bilen elbetde, sanksiýalaryň ýatyrylmagy meseläniň bir tarapy we esasy mesele sanksiýalaryň doly ýatyrylmagydyr we sanksiýalary doly ýatyrylmak diňe içerki güýje bil baglamak arkaly mümkindir diýdi.