Tähranda juma namazyny hatyby: Ysraýylyň öňüni alyş güýji ýok
(last modified Fri, 20 Sep 2024 12:14:28 GMT )
Sep 20, 2024 17:14 Asia/Ashgabat
  • Tähranda juma namazyny hatyby: Ysraýylyň öňüni alyş güýji ýok

Tähranda juma namazynyň wagtlaýyn ymamy Sionist režimiň öňüni alyş güýjüni we howpsuzlygyny ýitirendigini aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, şu gün Tähran şäherinde juma namazynyň wagtlaýyn ymamy Hojjat al-Islam wal-Muslimeen "Muhammet Hasan Abu Tarabifard",  juma namazyň wagyzlarynda Eýranyň, Hizbullahyň we Ýemeniň radardan gaçýan raketalaryň bardygy we gahryman Gazanyň halkynyň ýagdaýy dünýäni haýran galdyrandygyny aýtmak bilen, dünýäniň Sionist režimiň diňe Günbatar Aziýada däl, eýsem bütin dünýäde syýasy, ykdysady we howpsuzlyk krizislerine şaýat bolýandygyny ýatlatdy.

Tähranyň  juma namazyny wagtlaýyn hatyby şeýle-de hünärmenleriň pikiriçe, Ysraýyl garşylyk okuna garşy durmak ukybyny ýitirendir diýmek bilen, häzirki wagtda Yslam dünýäsi we Eýran Yslam Respublikasy, Gaza, Ýemen we Yragyň garşylyk okunyň tarapynda durýandyr diýdi.

Abu Tarabi Fard şeýle-de Ymam Homeýniniň (RA) ulumsylyga we kolonializme garşy alyp baran tagallalaryny ýada salmak bilen Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşi bilen sionist režimiň baýdagynyň bu režimiň ilçihanasyndan aşak düşürilendigini we onyň ýerine Palestinanyň buýsançly baýdagynyň ýokar galdyrlandygyny aýtdy.

Abu Tarabi Fard musulmanlara ýüzlenip: Günbataryň artykmaçlygyna garşy durmasaňyz, hemmeler siziň abraýyňyzy basalar diýdi.

Torabi Fard, şeýle hem Sionist režimi tarapyndan Liwanda aragatnaşyk enjamlaryny partlatmakdaky terrorçylykly jenaýaty ýazgarmak bilen we we häzirki wagtda Yslam dünýäsiniň Liwanyň gahryman halky bilen bile bolandygyny nygtamak bilen, Liwanyň kuwwatly Hizbullahy, güýçli, agyr we gudratly jogaplary bilen yslam halky we Palestina halky üçin ýene-de bir ajaýyp ýeňiş gazanjakdygyna umyt bildirdi.