Türkmenistanyň Eýranyň üsti bilen gaz çalşygy başlandy
Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda gaz çalşygy resmi taýdan başlandy.
Eýran Yslam Respublikasynyň çäginden Türkmenistandan Azerbaýjan Respublikasyna çenli üç taraplaýyn gaz çalşygy baradaky şertnama 28-nji noýabrda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň başlyklar sammitiniň çäginde üç ýurdyň prezidentleriniň gatnaşmagynda gol çekildi.
Ylalaşyga görä, Eýran her ýyl Azerbaýjan Respublikasyna 1,5 tas 2 milliard kub metr türkmen gazyny iberer.
Bu gaz Eýranyň üsti bilen Azerbaýjan Respublikasyna (SWAP) geçiriler we Eýran bu gazy geçirmek hukugy hökmünde ýurduň 5 welaýatynda zerur gazy alar.
Eýranyň nebit ministri Jawad Oji, Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan respublikasynyň arasynda gaz çalşygy baradaky şertnamanyň jikme-jiklikleri barada şeýle diýdi: Üç taraplaýyn şertnama laýyklykda, Eýran her ýyl Türkmenistandan Azerbaýjan Respublikasyna 1,5-2 milliard kub metr töweregi gaz iberýär.
Bu gaz çalşygy şertnamasynyň iň möhüm üstünligi, iki ýurduň arasynda 5 ýyllyk sowuk gatnaşykdan soň Eýranyň Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklarynyň gaýtadan dikeldilmegi boldy.