Eýranyň Daşary işler ministri BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i15316-eýranyň_daşary_işler_ministri_bmg_nyň_siriýa_boýunça_ýörite_wekili_bilen_duşuşdy
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyp maslahatlaşdy.
(last modified 2022-01-16T06:37:32+00:00 )
Jan 16, 2022 11:37 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministri BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyp maslahatlaşdy.

IRNA-nyň habaryna görä, BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Gear Patterson şu gün (ýekşenbe) Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian bilen duşuşdy.

Eýranyň Daşary işler ministriniň ýörite syýasy meseleler boýunça uly geňeşçisi Ali Asgar Haji hem düýn (şenbe) BMG-nyň Baş sekretarynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Gear Patterson bilen duşuşdy.

Duşuşykda Siriýa krizisinde bolup geçen soňky wakalar, Konstitusiýa komitetiniň gepleşikleri, sanksiýalar bilen gapma-garşylyk we Siriýanyň halkyna ynsanperwer kömeginiň iberilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.