Raisi: Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky ajaýyp gatnaşyklar strategiki gatnaşyklaryň ýolundadyr
(last modified Wed, 19 Jan 2022 19:59:29 GMT )
Jan 20, 2022 00:59 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky ajaýyp gatnaşyklar strategiki gatnaşyklaryň ýolundadyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Eýranyň Russiýa bilen gatnaşyklarynyň ösmegine hiç hili çäklendirmeler ýokdyr diýmek bilen Tähran bilen Moskwanyň arasyndaky gowy gatnaşyklar strategiki gatnaşyklar derejesindedir diýdi.

Prezidentiň maglumat merkeziniň beren habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi çarşenbe güni Moskwada Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşanda iki güýçli ýurt bolan Eýranyň we Russiýanyň sebit we dünýäde täsirli roluna

yşarat edip iki ýurduň sebit we halkara meselelerinde umumy düşünişmegini bilelikdäki hyzmatdaşlygyň esasy diýip atlandyrmak bilen Eýran-Russiýa gatnaşyklary strategiki gatnaşyklaryň ýolundadyr diýip beýan etdi.

Raisi goňşy ýurtlar we ýaranlar bilen iň ýokary gatnaşygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirdi we şeýle diýdi: Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek iki ýurduň ykdysadyýetini ösdürer we sebitde we dünýäde howpsuzlygy ýokarlandyrar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Eýranyň garaşsyz hökümetler bilen hyzmatdaşlygynyň halkara özgerişlere garamazdan giňelýändigini belläp, terrorçylyga we neşe gaçakçylygyna garşy göreşi bilelikdäki hyzmatdaşlygyň oky hasaplap, Siriýada terrorçylyga garşy hyzmatdaşlygyň üstünlikli tejribesi Kawkazda we Owganystanda ulanylyp bilner diýdi.

Kawkazdaky serhetleriň üýtgewsizligine we sebitiň milli we geosyýasy özygtyýarlylygyna ünsi çeken Raisi sebitiň ykdysady ösüşi üçin hyzmatdaşlygyň zerurdygyna yşarat edip Kawkazda we Merkezi Aziýada NATO-nyň ornamagy garaşsyz döwletleriň umumy bähbitlerine howp salýar diýdi.

Eýranyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy, Owganystandaky durnuklylygyň we dowamly howpsuzlygyň ýeke-täk ýolunyň, ähli etnik toparlaryň gatnaşmagynda giňişleýin hökümeti gurmakdygyny aýtmak bilen Eýran soňky 40 ýylda Russiýa ýaly Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň garşysynda berk durandyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Astana gepleşiklerini Siriýa meselesini diplomatik taýdan çözmek üçin amatly esas hökmünde häsiýetlendirdi.

Tags