Şamhani: ABŞ-nyň Siriýada bolmagy parahatçylyga we durnuklylyga iň uly päsgelçilikdir
(last modified Sun, 27 Feb 2022 17:13:50 GMT )
Feb 27, 2022 22:13 Asia/Ashgabat
  • Şamhani: ABŞ-nyň Siriýada bolmagy parahatçylyga we durnuklylyga iň uly päsgelçilikdir

Eýran Yslam Respublikasynyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary, Siriýanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy bilen duşuşygynda: ABŞ-nyň Siriýada bolmagy parahatçylyga we durnuklylyga iň uly päsgelçilikdir diýip nygtady.

Şu gün (ýekşenbe) Tährana gelen Siriýanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy general-maýor Ali Mamluk Eýran Yslam Respublikasynyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary admiral Ali Şamhani bilen duşuşdy we ikitaraplaýyn gatnaşyklar we iň möhüm sebit we global özgerişler barada pikir alyşsy.

Bu duşuşykda Şamhani ABŞ-nyň dünýä ýurtlaryna agalyk etmegi we baýlyklaryny talamagy maksat edinýän sebitleýin we global krizisleri döretmekdäki weýran ediji roluny açyklap şol bir maksat bilen ABŞ-nyň Siriýada bolmagy, häzirki wagtda bu ýurtda parahatçylyga we durnuklylyga iň uly päsgelçilikdir diýdi.

Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary şeýle-de, ABŞ-nyň Siriýadaky terrorçy toparlary ýaraglandyrmak, türgenleşdirmek we olara ýolbaşçylyk etmek üçin alyp barýan syýasy we meýdan hereketleriniň köpelmegine ünsi çekip: Bu prosesiň dowam etmegi diňe bir Siriýanyň howpsuzlygyny bozman, eýsem sebitiň howpsuzlygyna-da howp salar diýdi.

Şamhani terrorçylygyň, howp döretmegiň we separatistik maksatlar bilen etniki üýtgeşiklik Siriýada  agalyk etmek ulgamynyň esasy strategiýalarynyň biridir diýmek bilen Eýran Yslam Respublikasy, iň kyn şertlerde we terrorçy toparlaryň we olaryň tarapdarlarynyň ýamanlygynyň iň ýokary derejesinde Siriýanyň halkynyň we hökümetiniň ýanynda durşy ýaly, ýene-de Siriýanyň halkynyň we hökümetiniň ýanynda durmagyny dowam etdirer diýip sözlerine goşdy.

Siriýanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Eýranyň terrorçylyga we ABŞ-nyň wagşyçylygyna garşy göreşde Siriýany goldamakdaky roluna ýokary baha berdi we Tähran-Damask hyzmatdaşlygynyň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

General-maýor Ali Mamluk Siriýa hökümetiň, halkyň we ýaragly güýçleriň bilelikdäki tagallalary we dostlukly ýurtlaryň Takfiri terrorçylygyna we goldawçylaryna netijeli goldaw bermegi bilen howpsuzlyk krizisini ýeňdi diýdi.

Tags