Mar 09, 2022 22:01 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Özbegistanyň prezidenti bilen duşuşdy

Özbegistanyň prezidenti bilen bolan duşuşygynda Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Eýran Yslam Respublikasynyň bu ýurt bilen gatnaşyklary ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ali Şamhani, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýew bilen duşuşanda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň sargydyny oňa gowşurmak bilen Özbegistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny gutlady we Eýranyň hemme taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny mälim etdi.

Şamhani, Eýran bilen Özbegistanyň arasyndaky söwdanyň göwrümine ünsi çekip, ykdysady mümkinçilikleri işjeňleşdirmek we bu ugurda zerur desgalary döretmek üçin zerur çäreleri görmäge çagyrdy.

Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary, iki ýurduň arasyndaky howpsuzlyk hyzmatdaşlygy baradaky möhüm resminama gol çekilmegi umumy howplary ýeňip geçmekde üstünlik gazanmaga ýol açar diýip umyt bildirdi.

Şamhani, şeýle hem Özbegistanyň Eýranyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza bolmagyny goldaýandygy babatly minnetdarlygyny bildirip bu goldawyň Eýran Yslam Respublikasynyň agzalygy ykrar edilýänçä dowam etmegine umyt bildirdi.

Şaukat Mirziýaýew hem Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysyna we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine mähirli salam bermek bilen Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň oklarynyň işjeňleşmegini çaltlaşdyrmak möhümdir diýdi.

Özbegistanyň prezidenti Özbegistan bilen Eýranyň arasyndaky howpsuzlyk hyzmatdaşlygy baradaky resminama gol çekilendigini garşy alyp Türkmenistan bilen Owganystanyň üsti bilen Eýranyň günortasyndaky Pars aýlagynyň suwlaryna demir ýol we gara ýol geçelgelerini döretmek üçin Daşkent-Tähran hyzmatdaşlygy , Dört ýurt üçin möhüm ykdysady peýdalarynyň bardygyny aýtdy.

Tags