Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň beýanaty
Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy, Eýran Yslam Respublikasynyň milli güýjüne we strategiki çuňlugyna ünsi çekýär
Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy şeýle nygtadylar: Milli güýç ähli ýurt üçin möhümdir we garaşsyzlyk, buýsanç, wajyp serişdeleri öz islegine görä ulanmak we başgalaryň talaplaryna garşy durmak isleýän ähli millet güýçli bolmaly, ýogsam gowşak gorky bolsa nätanyşlaryň açgözlüginden ejir çeker.
Geçen penşenbe güni Hz. Aýatolla Hameneýi, Liderlik boýunça hübralar mejlisiniň başlygy we agzalary bilen duşuşygynda duşmanyň bahanasy bolmazdan sebitde bolmakdan ýüz öwürmek ýa-da ýadro pudagynda ylmy ösüşi yza çekmek ýaly teklipleri milli häkimiýete zarba höküminde bildiler. Ol hezretleri şeýlede,Sebit bize has strategiki çuňluk we milli güýç berýär diýip nygtadylar,Näme üçin biz ondan ýüz öwürmeli? ýadro ylmy ösüşi ýakyn geljekde ýurduň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak bilen hem baglanyşyklydyr we äsgermezlik etsek, birnäçe ýylden kime we nirä bararys diýdiler?
Eýran Yslam Respublikasynyň strategiki çuňlugy, Rewolýusiýanyň Ýolbaşçysynyň soňky ýyllarda köp nygtaýan meselesidir. Strategiki çuňluk düşünjesini hem negatiw, hem oňyn düşündirip bolar; Howpsuzlygy döretmek we howplary ýok etmek strategiki çuňlugyň negatiw funksiýasy we Elbetde, goňşularynyň arasynda täsir galdyrýan ýurda howp abanmaýar diýip ol Hz-leri aýtdy.
Bir ýurduň başarnygyny ýokarlandyrmak strategiki çuňlugyň oňyn tarapynda-da bolup, karar bermek üçin her bir ýurduň goldawydyr. Şoňa görä-de, Yslam Respublikasynyň düzgüni sebitdäki dostlaryny we goldawçylaryny berkitmäge borçly hasaplaýar, bu, elbetde sebitde durnuklylygy döredýär we yslam ýurtlarynda bölünişige we howpsuzlyga gönükdirilen daşary ýurt gatyşmagynyň öňüni almakda möhüm faktor bolup durýar.
Eýran Yslam Respublikasy döredilen gününden bäri yslamyň taglymatlaryna, ylmy ösüşlere, goranyş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga we ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky duşmanlara garşy durmaga esaslanyp, sebitde, şol sanda yslam ýurtlarynda täsirini artdyrdy. Şonuň üçin ,Eýrana basyş edilýär artýan güýjüni gowşatmak we azaltmak maksady bilen.