Ýolagçy uçarynyň heläkçiliginden soň Eýran Hytaýyň hökümeti we halky bilen duýgudaşlyk bildirdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16084-Ýolagçy_uçarynyň_heläkçiliginden_soň_eýran_hytaýyň_hökümeti_we_halky_bilen_duýgudaşlyk_bildirdi
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hytaýyň Guangxi welaýatynda ýolagçy uçarynyň heläkçiliginden soň Hytaýyň hökümetine we halkyna gynanç bildirdi.
(last modified 2022-03-22T07:23:42+00:00 )
Mar 22, 2022 12:23 Asia/Ashgabat
  • Ýolagçy uçarynyň heläkçiliginden soň Eýran Hytaýyň hökümeti we halky bilen duýgudaşlyk bildirdi

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hytaýyň Guangxi welaýatynda ýolagçy uçarynyň heläkçiliginden soň Hytaýyň hökümetine we halkyna gynanç bildirdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, duşenbe güni agşam Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh Hytaýyň Guangxi welaýatynda ýolagçy uçarynyň heläkçiliginden soň Hytaý hökümetine we halkyna gynanç bildirdi.

Hytaý metbugaty duşenbe güni ýurduň günortasynda Boeing 737 ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçrandygyny habar berdiler.

Hytaýyň döwlet habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Hytaýyň gündogar howa ýollaryna degişli “Boeing” 133 adam bilen ýurduň günortasynda heläkçilige uçrady.