Eýranyň Katara has şöhratly dünýä çempionatyny geçirmekde kömek bermäge taýýarlygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16280-eýranyň_katara_has_şöhratly_dünýä_çempionatyny_geçirmekde_kömek_bermäge_taýýarlygy
Kataryň emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň bu ýurda has gowy we şöhratly dünýä çempionatyny geçirmekde kömek bermäge taýýardygyny aýtdy.
(last modified 2022-04-04T11:45:17+00:00 )
Apr 04, 2022 16:45 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Katara has şöhratly dünýä çempionatyny geçirmekde kömek bermäge taýýarlygy

Kataryň emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň bu ýurda has gowy we şöhratly dünýä çempionatyny geçirmekde kömek bermäge taýýardygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Seýid Ybraýym Raisi ýekşenbe güni gije Kataryň emiri "Şeýh Hamad bin Tamim Al Sani" bilen telefon söhbetdeşliginde, mübärek Remezan aýyny gutlady we Katarda Dünýä çempionatynyň geçirilmeginden hoşaldygyny aýtmak bilen bu möhüm sport çäresini geçirmekde bu ýurda üstünlik arzuw etdi.

Prezident Raisi şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň, Kiş adasynda we Kataryň golaýyndaky beýleki adalarda iň oňat we şöhratly dünýä çempionatynyň oýunlaryny geçirmek üçin zerur kömekleri bermäge taýýardygyny aýdyp edilen meýilnamalar bilen dünýä ýatdan çykmajak oýunlary görjekdigine ynanýarys diýdi.

Eýranyň prezidenti, Kataryň emiriniň Tährana ýakyn wagtda boljak saparynayşarat edip: Bu saparyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kararlaryň kabul ediljekdigini aýtdy.

Kataryň emiri hem bu telefon jaňynda iki ýurduň arasynda Dohada uzak wagtlap dowam eden gepleşiklerden we duşuşyklardan soň öz ýurdunyň Tähran bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge doly ygrarlydygyny aýtmak bilen saparyňyzyň doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde we hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm rol oýnaýandygyna ynanýarys diýdi.

"Şeýh Hamad bin Tamim Al Sani", Eýranyň milli futbol toparynyň dünýä çempionatyna gatnaşmagyna kanagatlanma bildirdi we: Bu ýaryşda doganlarymyzy gowy garşy alarys diýdi.

Kataryň emiri şeýle-de oýunlaryny geçirmekde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada Kataryň ýollar ministri ýakyn wagtda Kiş adasynda Eýranly kärdeşi bilen duşuşar we bu mesele barada maslahatlaşar diýdi.