Eýran we Katar Gaza zolagyndaky genosidi bes etmegiň zerurdygyny nygtaýarlar
Eýran Yslam Respublikasynyň we Kataryň daşary işler ministrleri Tähranda geçirilen ýygnakda Gaza zolagynda genosidi bes etmegiň zerurdygyny aýtdylar.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi düýn (çarşenbe) ikitaraplaýyn gatnaşyklar we geňeşler we sebitdäki duýgur özgerişler (Günbatar Aziýa) üçin resmi delegasiýa ýolbaşçylyk eden Kataryň premýer-ministri we Daşary işler ministri Şeýh Muhammet bin Abdulrahman Al Tani bilen Tähranda duşuşdy we maslahatlaşdy.
Taraplar bu duşuşykda Gaza zolagyndaky genosidi bes etmegiň we Sionist režimiň Liwana garşy agressiýasyny duruzmagyň, geňeşmeleri giňeltmegiň we Günbatar Aziýa sebitinde howpyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ähli sebit we halkara mümkinçiliklerini mobilizlemegiň zerurdygyny aýtdylar.
Şeýle hem, Seýid Abbas Aragçi we Şeýh Muhammet Bin Abdurrahman Eýran bilen Kataryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň käbir meselelerini gözden geçirdiler we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine yşarat edip, bu ýoluň dowam etmegine ünsi çekdiler.