General Safawi: Ukrainadaky söweş ABŞ-nyň we Ýewropanyň güýjüni azaltdy
Apr 07, 2022 07:50 Asia/Ashgabat
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş serkerdesiniň uly geňeşçisi we kömekçisi "Ukrainadaky söweş ABŞ-nyň, NATO-nyň we Ýewropanyň güýjüni azaltdy" diýdi.
Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Baş Serkerdebaşysynyň kömekçisi we ýokary geňeşçisi general-maýor Seýid yaahýa Safawi, Nowruz mynasybetli uniwersitet komandirleriniň we professorlarynyň topary bilen geçiren duşuşygynda sebitdäki we dünýädäki soňky üýtgeşmelere ünsi çekip Dünýäde täze döwür başlandy we häzirki ýagdaý we Ýewropadaky Russiýa-Ukraina söweşi 1945-nji ýylda Ikinji jahan urşy gutaraly bäri görlüp-eşidilmedik derejededir diýdi.
General Safawi Russiýanyň Sowet Soýuzynyň çäklerini milli howpsuzlyk gurşawynda hasaplaýandygyny aýtdy.
Tags