Sedighi: Ýradro senagaty, Eýran halkynyň kanuny hukugydyr
(last modified Fri, 08 Apr 2022 11:05:19 GMT )
Apr 08, 2022 16:05 Asia/Ashgabat
  • Sedighi: Ýradro senagaty, Eýran halkynyň kanuny hukugydyr

Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy, ýadro senagaty Eýran halkynyň dini we kanuny hukugydygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy Hojjatoleslam "Kazem Sedighi" şu gün Tähran uniwersitetinde geçirilen juma namazyň wagyzlarynda Milli ýadro tehnologiýasy gününe ünsi çekip, ýadro energiýasy häzirki wagtda lukmançylyk, derman we suwy süýji etmek ölçeglerde dünýäniň zerurlyklaryndan biridir diýdi.

"Sedighi" sözüniň dowamynda: Eýran halky bu pudaga mätäçdir, şonuň üçin bu pudaga eýe bolmak Eýran halkynyň dini we kanuny hukugydyr diýdi.

Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy sözüniň dowam ýadro şertnamasy boýunça gepleşikleri dowam etdirmek meselesinde, Yslam Ynkylapynyň mertebesi belent lideriniň aýdyşlary ýaly beýleki taraplara ynam etmeli däldiris diýmek bilen zerur kepillikleriň we sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň synagdan geçirilmeginiň mümkin boljak zatlardygyny aýtdy.

Sedighi şeýle-de döwlet sanksiýalaryň doly we mutlak ýatyrylmagyna tarap hereket etmäge synanyşýar diýdi.

Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy Maşatdaky waka barada gürrüň gozgap bu iki asylly ruhany, Hudaýyň aýynda we Gudratygüýçliniň baýramynda, Ymam Rezanyň (AS) ybadathanasynda şehitligiň ajaýyp eşigini geýdiler, bu şehitlik Hudaýyň mertebesi, hormaty we şöhratydyr diýdi.

Geçen sişenbe güni agşam, Takfiri adamy Maşadyň Ymam Rezanyň (as) ybadathanasynda üç ruhanya pyçak bilen hüjüm etdi; Hüjümde iki ruhanyşehit edildi, biri ýaralandy.

Hüjüm eden adam hukuk goraýjy edaralaryň we gorag bölüminiň kömegi bilen tussag edilip, Eýranyň aňtaw gullugyna we howpsuzlyk işgärlerine tabşyryldy.