Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn hatyby: Kuds güni ýörişi duşmanlary gaharlandyrýar
Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn hatyby, Eýran halkynyň Kuds güni ýörişine gatnaşmagynyň zerurdygyny belläp: Kuds güni geçirilýän ýörişi duşmanlary gaharlandyrýandygyny aýtdy.
Mukaddes Remezan aýynyň soňky anna güni, Eýran Yslam Respublikasynyň düýbüni tutujy Ymam Homeýniniň (RA) başlangyjy boýunça Halkara Kuds güni diýlip atlandyryldy.
Mukaddes Remezan aýynyň soňky anna güni Bütindünýä Al-Kuds güni hökmünde bellenilenden soň, musulman halky Palestina meselesini ezilen halklary goldamagyň zerurlygy hökmünde görýärler.
Tähranyň juma namazyny hatyby Aýatolla "Seýid Ahmad Hatami" Bütindünýä Kuds gününiň we bu günde geçiriljek şöhratly ýörişiň öňüsyrasynda beren gürrüňlerinde geljek hepde, korona keseliniň döremegi sebäpli iki ýyllap ýapylandan soň geçiriljek ilkinji Al-Kuds güni ýörişi, şübhesiz, dogry hereket we bütinleý Taňrynyň göwnünden turýan ädimdir diýdi.
Tähranyň juma namazyny hatyby, duşmany gaharlandyrýan her bir ädimiň dogruçyl hereketdigini we Bütindünýä Kuds güni ýörişiniň ädimleriniň aýratyn möhümdigini aýtmak bilen Al-Aqsa metjidiniň sionizmi we palestinalylaryň dünýä musulmanlarynyň ilkinji kyblasyndan kowulmagy we göçüp gelen johitleriň çalyşmagy uly dildüwşükdir şoňa görä Halkara Al-Kuds gününde Ysraýyla garşy ölüm şygary berip basyp alyşlyga garşy gaty gygyrmalydyrysdiýip beýan etdi.
Aýatolla Hatami şeýle-de Sionist režimi sebitdäki käbir arap ýurtlarynyň ylalaşygy bilen basyp alnan ýerlerde parahatçylygyň höküm sürjekdigine umyt bildirdi, emma palestinalylar şehitlik isleýji operasiýalary bilen Sionist režiminiň dildüwşüklerini puja çykardylar diýdi.
Tähranyň juma namazyny hatyby, söz azatlygy bahanasy bilen bu ýigrenji we nadan hereket üçin Şwesiýada Gurany kemsitmek we bu ýurduň polisiýasynyň we hökümetiniň goldawy bilen ýerine ýeten hereketi ýazgarmak bilen 2 milliard musulmanyň mukaddesligini kemsitmek söz azatlygy däl we bu aýylganç hereketleriň dowamy Ýewropa hökümetleriniň zyýanyna bolar diýdi.
Aýatolla Hatami şeýle-de Owganystandaky terrorçylykly partlamalaryň agyr bolandygyna yşarat edip Talybanlaryň wagtlaýyn hökümetiniň borjy, raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekdir diýdi. .