Sionist režiminiň harby-howpsuzlyk ruswaçylygy
(last modified Tue, 06 May 2025 15:08:10 GMT )
May 06, 2025 20:08 Asia/Ashgabat
  • Sionist režiminiň harby-howpsuzlyk ruswaçylygy

Ýemeniň ýaragly güýçleri tarapyndan atylan ösen ballistik raketa, Sionist režiminiň howa goragynyň we ösen Amerikan ulgamlarynyň köp gatlaklaryndan geçip Ben Gurion halkara howa menzilini nyşana aldy.

Pars Today -iň habaryna görä, Ýemeniň ýaragly güýçleriniň sionistleriň basyp alan ýerlerine raketa hüjümi bu režimiň howpsuzlyk toparlaryny geň galdyrdy we Ysraýyl bilen ABŞ-nyň gymmat bahaly goranyş ulgamlarynyň täsiri barada çynlakaý sorag döretdi.

Ýemeniň güýçleriniň strategiki Ben Gurion howa menziline üstünlikli roketa hüjümi sebitiň howpsuzlyk deňlemelerinde öwrülişik nokady hasaplanýar. Ýewreýçe gürleýän çeşmeler Ýemende ballistik raketanyň Ysraýylyň "Haits 3" we Amerikanyň "THAAD" ulgamlarynyň işjeňleşmegine garamazdan nyşana düşendigini tassyklady.

Sionist režimiň harby analitigi Ýossi Ýehoşua “Yedioth Ahronoth” gazetine beren interwýusynda “ABŞ THAAD we Hits ulgamlary ikisi hem Ýemeniň ýaragly güýçleriniň ösen ballistik raketasyny saklap bilmedi diýdi.

Ýemeniň ýaragly güýçleri sionistleriň basyp alan ýerlerine raketa hüjümini amala aşyrandan soň, onlarça halkara awiakompaniýasy Tel Awiwdäki uçuşlaryny tiz ýatyrdylar. Şol bir wagtyň özünde Benýamin Netanýahu howpsuzlyk we harby işgärler bilen gyssagly ýygnak geçirdi. Ýewreý çeşmeleri bu režimiň işgärleriniň arasynda "giň howsala" bardygyny habar berdiler.