Ýemeniň ýaragly güýçleri: Ben Gurion howa menzilini nyşana aldyk
(last modified Fri, 16 May 2025 08:07:44 GMT )
May 16, 2025 13:07 Asia/Ashgabat
  • Ýemeniň ýaragly güýçleri: Ben Gurion howa menzilini nyşana aldyk

Ýemen ýaragly güýçleriniň metbugat sekretary Sionist režiminiň Ben Gurion howa menzilini nyşana alandygyny habar berdi.

Pars Today-iň IRNA gullugyna salgylanyp beren habaryna görä, Brigada generaly yaahýa Saree Ýemeniň ýaragly güýçleriniň basyp alnan Palestina sebitlerinde Ben Gurion ady bilen tanalýan Al-Lod howa menziline garşy harby operasiýa geçirendigini habar berdi.

Şeýle hem ol sözüniň dowamynda bu operasiýa, Taňrynyň merhemeti bilen nyşana üstünlikli urlan Ýaffa sebitindäki ýokarda agzalan howa menziline garşy adatdan daşary ballistik raketa bilen amala aşyryldy diýdi.

Ýemeniň ýaragly güýçleriniň metbugat sekretary şeýle-de bu operasiýa basyp alyjy millionlarça sionistleriň gaçybatalgalara gaçmagyna sebäp boldy we Ben Gurion howa menzilinde bir sagat töweregi uçuşy togtatdy diýdi.

Ol şeýle hem "Gazanyň özgerişini we aýylganç gabawyny göz öňünde tutup, yslam halkynyň ähli erkin halky bilen bilelikde biziň dini, ahlak we adam jogapkärçiligimiziň uludygyny" aýtmak bilen Sionist režimiň agressiýasyny duruzmak we Gazanyň gabawyny ýok etmek maksady bilen harby çäreleri güýçlendirmek we giňeltmek üçin işleýäris" -diýdi.

Yaahýa Saree şeýle-de Ýemeniň ýaragly güýçleriniň Lod (Ben Gurion) howa menziliniň üstünden uçuş gadagan zolagyny amala aşyrmak we Sionist režimiň gämileriniň hereketini gadagan etmek üçin alyp barýan işleri, maksada ýetilýänçä dowam eder diýip nygtady.

Ýemeniň ýaragly güýçleriniň metbugat sekretary brigada generaly yaahýa Saree daşary ýurt awiakompaniýalaryna Palestinanyň basyp alnan ýerlerine uçuşlardan gaça durmak barada duýduryş berdi.