Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky serhet dartgynlygy
Hyratda habarly çeşme Yslamgala serhediniň ýapylýandygyny tassyklady we Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky serhet dartgynlygyny habar berdi we Eýranyň serhetçileri bilen Talyban serhet güýçleriniň arasynda hiç hili çaknyşygyň bolmandygyny aýtdy.
Şenbe güni Fars habar gullugynyň habaryna görä, Hyrat welaýatyndaky habarly çeşmeler Yslamgala-da Talyban bilen Evrany[ serhet güýçleriniň arasynda dartgynlygyň vxze cykanlygyny habar berdi.
Şaýatlaryň sözlerine görä, dartgynlyk Talyban serhet güýçleri iki ýurduň serhetýaka sebitinde bir ýol gurmagy meýilleşdirenden we Eýran Yslam Respublikasynyň serhetçileri tarapyndan oňa garşy çykandan soň ýüze çykypdyr.
Eýranyň bu hereketi, "Talyban" güýçleriniň garşylygy bilen garşylandy we jedelden soň iki tarap hem taýýar bol ýagdaýda durdylar.
"Fars" habar gullugyna beren interwýusynda Hyratdaky habarly çeşme Yslamgala serhediniň mundan beýläk habar berilýänçä ýapylandygyny we Talyban howpsuzlyk güýçleriniň serhede tarap hereket edýändigini aýtdy.
"Talyban" resmileri bu waka barada entek düşündiriş bermediler.