Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň tutuş Palestinada çydamy giňeltmek baradaky beýanaty
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneý anna güni Bütindünýä Kuds güni mynasybetli telewideniýede çykyş etdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneý anna güni Bütindünýä Kuds güni mynasybetli telewideniýede eden çykyşynda Palestina halkynyň bähbidi üçin bagtly geljegiň alamatlaryny, şol sanda tutuşlygyna garşylyk meýdanyň giňeltmegine we Palestinany basyp alyjy režimiň we ony goldaýan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň peselip durandyklaryna eşarat edip ,soňky ýyllarda Palestinade bolup geçen wakalaryň sionistler bilen ylalaşyk baradaky meýilnamalaryň puç dygyny göz öňe tutdylar.
Aýatolla Hameneýi Günbatar Aziýada çydamyň döremegini bu sebitde iň mübärek waka hasaplap bu hadysanyň ornuny tutup bolmajak nygmatlaryny ýatlap, diňe yslam dünýäsiniň we esasanam Palestina meselesiniň garşylyk güýji bilen bolup biljekdigini aýtdylar. Ol hezretleri Häzirki wagtda yslam dünýäsine, esasanam arap dünýäsine arap dilinde gürrüň etmek isleýändiklerini aýdyp, basyp alyjy we jenaýatçy sionist režimiň Kudsa höküm sürýänçä, ýylyň her gününi Kuds güni hasaplamalydygyny we Kuds Şerif , Palestinanyň ýüregidigini we bähirden nähre çenli, ýurduň hemme baslyp alnan ýeryniň Kudsyň dowamy dygyny nygtadylar.
Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň tutuş Palestinany garşylyk meýdanyna öwürmek baradaky ünsi soňky ýyllarda basyyp alnan Palestinade bolup geçen wakalary nazara almak bilen beýan etdiler. ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Trampyň döwründe ABŞ Ysraýylyň bähbidine we palestinalylara garşysyna görlüp-eşidilmedik hereketleri etdi, esasanam Kudsyň Ysraýyl režiminiň paýtagty hökmünde ykrar edilmegi üçin sionist režimi oňat pursat boldy. Ysraýyl režimi ähli palestinalylary Gündogar Kudusdan kowmak üçin karara gelip we Kudusy ýewreýleşdirmek taslamasynyň durmuşa geçirilmegini isledi. Şol sebäpli ilki bilen palestinalylary ata-babalarynyň ýurdy bolan palestinanyň şäherlerinden we etraplaryndan kowmagy gün tertibinde goýup şol sanda 2021-nji ýylyň ortasynda gündogar Kudusyň Şeýh Jarrah mähellesinden palestinalylary kowmak üçin güýç we zorluk ulanmak ýaly meselelere ýüz urdy we Bu bolsa Günbatar Şeriýada we Gaza zolagynda palestinalylaryň ýiti nägileligini döretdi we protestler ilkinji gezek 1948-nji ýylyň baslyp alnan ýerlerine ýaýrady we bu sebitlerde ýaşaýan palestinalylar Palestinanyň beýleki ýerlerindäki watandaşlary bilen ugurdaş boldylar. Bu aralykda, sionistleriň bu hereketine palestinaly jihadçy toparlaryň reaksiýasy we Al-Aksa metjidine bu režimiň hüjüminiň dowam etmegi Ysraýyl bilen Gazadaky jihadçy toparlaryň arasynda ýene bir söweşe sebäp boldy. Palestina Yslam Jihad hereketiniň syýasy býurosynyň agzasy Halid al-Bataş: "2021-nji ýyl Palestina üçin iň täsirli ýyl boldy we Seýf al-Kuds söweşi şu ýylyň wakalarynda möhüm orny eýeledi" -diýdi.
2022-nji ýylda sionistler mukaddes Remezan aýynda Al-Aksa metjidinde palestinaly ybadat edýänlere köpçülikleýin hüjüm edip, Gündogar Kudsyň şahsyýetini üýtgetmek we musulmanlaryň ilkinji kyblasy bolan Al-Aksa metjidine hüjüm etmek üçin täze ädim ätdi. Bu çäre palestinalylaryň berk seslenmesine sebäp boldy we olar bilen sionist goşunynyň arasynda giňden çaknyşyklara sebäp boldy. Şol bir wagtyň özünde, basyp alnan Palestinade ösen hadysa, palestinaly ýaşlaryň 1948-nji ýylyň baslyp alnan ýerlerinde ýaşaýan sionistlere eden hüjümleri bolup, olaryň arasynda görlüp-eşidilmedik gorky we howsala döretdi.