Tähranyň juma namazynyň hatyby: Sionistler şu gün çydam frontynyň gabawynda
Tähranyň juma namazynyň ymamy Sionist duşmanyň Yslam çydamyň tarapyndan gabaw astyna alynandygyny aýtdy.
Tähranyň juma namazynyň ymamy Hojjat-ul-Islam "Seýid Muhammet Hasan Abu Turabi-Fard" Palestiniň häzirki wagtda Yslam dünýäsinde ilkinji meseledigini aýtmak bilen basylyp alnan ýerlerde we barlag nokatlarynda adamkärçiliksiz çemeleşilendigine garamazdan, 200,000-den gowrak adam Beýt Al-Mukaddes-de geçirilen ullakan juma namazyna gatnaşdy, bu yslamyň duşmanlary üçin umytsyzlygyň alamatydyr diýdi.
Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy şeýle-de, Sionist režimiň mundan ozal hüjüm ýagdaýynda bolandygyny we alty gün dowam eden söweşiň bu çozuşyň nyşanydygyny aýtmak bilen alty günüň içinde Müsür, Siriýa we Iordaniýa ýaly üç yslam döwleti sionistler tarapyndan basylyp alyndy, emma häzirki wagtda bu hüjüm pozisiýasy goranyşa öwrülendir diýdi.
Hojjat-ul-Islam Abu Turabi-Fard sözüniň dowamynda şu gün sionistler Gaza, Iordan derýasynyň günbatar kenary, Liwanyň Yslam garşylygy, Yragyň Haşad al-Şabi we Ýemeniň batyr söweşijileri hemdeYslam garşylygy tarapyndan gabaw astyndadyr diýdi. ol şeýle-de ýagdaý düýbünden başgaçadyr we bu ýol sionist režimi derrew ýok bolýança dowam eder elbet-de Kuds güni ýörişine adamlaryň giňden gatnaşmagy bu ideal üçin ýol açdy diýip beýan etdi.
Tähranyň juma namazynyň ymamy, geçen anna güni Yslam ymmatynyň Bütindüýä Al-Kuds gününiň ýol ýörişine şöhratly gatnaşandygyna salgylanyp dünýä metbugaty, şu ýyl Remezanda Bütindünýä Al-Kuds gününiň ýörişiniň Yslam dünýäsinde Al-Kuds topragyny goramak üçin musulman ymmatynyň agzybirligini wada berýän aýratyn bir beýiklik bilen geçirilendigini tassyklady diýip nygtady.