Eýranyň prezidenti: Daşary ýurtlaryň gatyşmagy sebitiň howpsuzlygyna zyýanlydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti: islendik daşary ýurt gatyşmagy sebitiň howpsuzlygyna zyýanly diýdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Sani bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda sebit meselelerine ünsi çekip daşary ýurtlaryň we günbatarlylaryň sebite gatyşmagy howpsuzlygy üpjün etmeýär diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Tähran bilen Dohanyň sebit meselelerini çözmekde umumy pikirleriniň bardygyny aýtmak bilen Ýemeniň gabawy gysga wagtda bozulmaly we bu ýurduň halky öz ýurdy barada karar bermelidir diýdi.
Raisi Owganystanyň halkyda ähli syýasy toparlary we ähli etnik toparlary öz içine alyp biljek we bu ýurtda hemişelik howpsuzlygy döredip biljek giňişleýin döwleti gurmalydygyny aýtdy. Eýranyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy Palestina barada-da hem şeýle diýdi: Gaza zolagynyň halkyny gabamak we sionist režimiň tarapyndan edilýän aýylganç jenaýatlar bes edilmeli diýdi.
Raisi düýn Ysraýyl esgerleri tarapyndan atylan palestinaly žournalist "Şirin Abu Akalanyň" şehit bolmagyna gynanç bildirmek bilen şeýle jenaýatlar Sionist režim üçin hiç hili howpsuzlyk döredip bilmez, ýöne şeýle jenaýatlar halkyň Sionist režiminiň jenaýatlaryna bolan ýigrenjini artdyrar diýdi.
Şeýh Tamim bin Hamad Al Sani hem sebitdäki dawalary çözmek üçin konstruktiw gepleşiklerden başga çäre ýokdygyny aýtmak bilen Eýranyň prezidenti bilen Palestina, Siriýa, Yrak we Ýemen barada söhbet edendigini aýtdy.
Kataryň emiri şeýle-de Eýran-Katar gatnaşyklary güýçli we goňşuçylyk duýgusyna esaslanýar we Eýranyň Prezidentiniň Katara eden soňky sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin möhüm ädimdir diýdi.
Kataryň emiri Tamim bin Hamad Al Sani şu gün şeýle-de Eýranyň Yslam Ynkylapynyň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneý Hezretleri bilen duşuşdy.
Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani şu gün (penşenbe) Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary wezipeli adamlary bilen duşuşmak üçin ýokary derejeli syýasy we ykdysady wekiliýetiň başynda Tährana geldi.