Tähranyň juma namazynyň hatyby: Ykdysadyýetdäki ynkylapy däl pikirler we kemçilikli gurluşlar düzedilmelidir
Tähranyň juma namazynyň hatyby Ynkylapy däl pikirler, täsirli we keseki elementler, Eýranyň ykdysadyýetindäki korrupsiýa we kemçilikli gurluşlar hereketi düzedilmelidir diýdi.
Hojjatoleslam "Muhammet Jawad Haj Ali Akbari", Tähranyň şu günki juma namazynda, Eýranyň hökümetinde subsidiýalaryň demokratiýalaşdyrylmagy barada söz açyp bu mesele käbir esasy harytlar barada hünärmenler tarapyndan ylalaşylan bir meseledir we hemmeler reformalaryň edilmelidigine ynanýarlar diýdi.
Tähranyň juma namazynyň hatyby, dünýädäki ykdysady ýagdaýlar, guraklyk, Ukrainadaky söweş we beýleki meseleler ýaly subsidiýalaryň demokratiýalaşdyrylmagynyň çaltlaşdyrylmagyny talap edýändigini aýtmak bilen häzirki wagtda dünýäniň esasy we uly ýurtlary eksportçy bolmakdan importçylara öwrüldiler diýdi.
Hojjatoleslam Ali Akbari, subsidiýalaryň tölegini demokratiýalaşdyrmak üçin ykdysady amallary amala aşyrmak üçin milli we jemgyýetçilik isleginiň zerurdygyny aýtmak bilen hökümet halk bilen yzygiderli we aç-açan gepleşik geçirmeli we olardan kömek soramaly; Şeýle hem wagtynda subsidiýalary tölemeli we ulgamlara zerur düzedişleri girizmelidir diýip beýan etdi.
subsidiýalary demokratiýalaşdyrmak we deň paýlanmak Eýranyň hökümetiniň gowşak toparlaryň satyn alyş kuwwatyny ýokarlandyrmak we milli baýlyklaryň bikanun ýurtdan çykmagyna garşy durmak maksady bilen edýän möhüm ykdysady meýilnamasydyr.