Eýran "D 8" guramasynyň işjeň we innowasiýa roluny oýnamagyň zerurdygyny nygtady
Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi, "D 8" guramanyň agza ýurtlaryň bähbitlerini durmuşa geçirmek üçin dürli ykdysady we täjirçilik ugurlarynda işjeň we innowasiýa rol oýnamagynyň zerurdygyny aýtdy.
Ösüp barýan sekiz ýurduň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we "D-8" Aziýa Hyzmatdaşlyk Gepleşik Forumynyň (ACD) 19-njy ýygnagy duşenbe güni Eýranyň paýtagty Tähranda başlandy.
Aziýa hyzmatdaşlygy gepleşikleri (ACD) agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň 19-njy ýygnagyna gatnaşmak üçin Tährana gelen “D-8” sekiz ösýän ýurduň ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Isiaka Abdul Gadyr Ymam bu ýygnagyň çäginde, Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ali Bageri Kani bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.
IRNA habarlar gullugynyň habaryna görä; bu duşuşykda, Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ali Bageri Kani, "D-8" Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen BRICS, Şanhaý we ECO ýaly köptaraplaýyn çemeleşme bilen beýleki garaşsyz mehanizmler we guramalaryň konstruktiw gatnaşyklary güýçlendirmek zerur diýip hasaplamak bilen bu guramanyň maksatlaryny we meýilnamalaryny durmuşa geçirmek üçin agza döwletler bilen umumy pikirlenmek we sinergiýa üçin Baş sekretardan we D-8 guramasynyň sekretarýatyndan has hereketlilige we dinamika garaşylýar diýip beýan etdi.
Bu duşuşykda Isiaka Abdul Gadyr Ymam Eýranyň D8 guramasyndaky tagallalaryna we Aziýa Hyzmatdaşlyk Dialogy Forumyna edýän işjeňligini öwdi we Tähran ýygnagynyň agza ýurtlaryň bähbitlerini durmuşa geçirmek üçin gowy netijelere umyt baglaýandygyny aýtdy.