Eýranyň we Täjigistanyň Owganystan baradaky umumy aladalaryny Rewolýusiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçysynyň nygtamaklary
(last modified Thu, 02 Jun 2022 04:37:26 GMT )
Jun 02, 2022 09:37 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we Täjigistanyň Owganystan baradaky umumy aladalaryny Rewolýusiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçysynyň nygtamaklary

Yslam Rewolýusiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Hz.Aýatolla Hameneýi ,Täjigistanyň prezidenti Emam Ali Rahmon bilen wekiliýetiň arasynda geçirilen duşuşykda ,Eýran bilen Täjigistanyň arasyndaky çuňňur taryhy, dini, medeni we dil taýdan meňzeşliklere ünsi çekdiler.

  Yslam Rewolýusiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Hz.Aýatolla Hameneýi ,Täjigistanyň prezidenti Emam Ali Rahmon bilen wekiliýetiň arasynda geçirilen duşuşykda ,Eýran bilen Täjigistanyň arasyndaky çuňňur taryhy, dini, medeni we dil taýdan meňzeşliklere ünsi çekip, iki ýurdy garyndaş diýip atlandyrdylar.

Aýatolla Hameneýi geçen duşenbe güni geçirilen ýygnakda Eýran bilen Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we ylalaşygyň ugurlarynyň biriniň sebitleýin meselelerdigini, esasanam Owganystandaky ýagdaýdygyny aýdyp,Eýran bilen Täjigistanyň Owganystan barada umumy aladalary bar we Iki ýurt hem terrorçylygyň ýaýramagyndan alada bildirýär diýdiler. Yslam Rewolýusiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Biz ähli etnik toparlaryň gatnaşmagynda Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy we hökümet isleýäris diýip,Eýran bilen Täjigistanyň arasyndaky howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak arkaly aladalary ýeňip geçers diýip umyt edýäris diýdiler.

Täjigistanyň prezidenti Emam ali Rahmon, Tähranda bolmagyndan we Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy bilen duşuşmakdan hoşaldygyny aýdyp ,   esasanam Owganystan we bu ýurtda terrorçylygyň ýaýramagy bilen baglanyşykly howpsuzlyk aladalaryny iki ýurduň arasyndaky möhüm meseleler hökmünde görkezdi we şeýle diýdi: "Biz Owganystanda ähli etnik toparlaryň gatnaşmagynda parahatçylyk, asudalyk we hökümet isleýäris we Eýran bilen howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak arkaly umyt edýäris diýdi.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa terrorçylyk hereketleri bilen baglanyşykly çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyny dowam etdirýär; Eýran bilen Täjigistanda neşe gaçakçylygy, terrorçylyk we ekstremizm ýaly umumy howp abanýar we iki ýurt hem DAEŞ guramasynyň Owganystanda güýç almagyna aç-açan alada bildirýärler.

Muňa garamazdan, "Talyban" howpsuzlyk üpjünçiligini üpjün etmek we howpsuzlyk meselelerini çözmek ukybynyň bardygyny we DAEŞ  guramasynyň olary howp hökmünde görmeýändigini birnäçe gezek bellemegine garamazdan, diňe mukaddes Remezan aýynyň soňky iki hepdesinde terrorçy DAEŞ,Owganystanda 700 adamyň ölmegine ýa-da ýaralanmagyna sebäp boldy.

 

 

 

Tags